18:13 Özüñ hany-soltany | |
|
Bu göwnümde köşk gurduñ, Özüñ hany-soltany. Men saña örklenipdim, Paýlaşan dek bir jany. Sen şeýle bir ornaşdyñ, Ýitip gitdi menligim. Añmaýan öz göwnümiñ, Menmi ýa-da senligin. Öz-özüme orun ýok, Senden doly göwnümde. Hat-da, maña ýalan deý, Sensiz geçen düýnüm-de. Beýle baglanar ýaly, Gandallañok erkimi. Beýle gudrat nämekä, Saña baglan örkümi. Bu ahwallañ syryny, Heý-de bilen barmyka. Megerem täsin gudrat, Tañryñ baglany NIKA... | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
