16:30 Perzendi men | |
|
Bu barlykda ýaşamaga ýeterlik, Öz günüm,öz aýym,asmanym maña. Hüwdülenip gujagynda gijeleñ, Bagt atyp duran ak dañym maña. Diýselerem çarkandakly bu ýollar, Özge ýodalarda men taýjak ýaly. Bu toprakdan aýak üzäýsem eger, Ýüregmiñ urgusy togtaýjak ýaly. Özge ýurda çagyrmañ siz gol bulap, Mundan geçip baryp bilmen barybir, Ajy bolsun,süýji bolsun kaýyl men, Şu toprakda näme berse Biribar. Goý bolaýyn bu toprakda saýyl men, Janymyñ parçasy onuñ bar zady. Sebäbi men diñe şu Watan üçin, Şehit bolan pederleriñ perzendi. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||
