18:51 Şol kenara | |
Nämälim gussalar inýär, Salym kyrky küreklände. Oýa batýan, sen Hak eýäñ, Niçik barjak gereklände. Salym golaýlaýan ýaly, Şol kenara, bakylyga. Meñ bolsa barasym gelýär, Şondan gelen çakylyga. Günäleriñ ýükün egsip, Bir arassa iman bilen. Emma, munda ýaşap ýörün, Gaflatda deý, güman bilen. Golaýlaşma, şol kenara. Salym,ömrüñ derdeseri. Hak ýolunda gümanlaryñ Syraýyn men perdesini. Hak eýämiñ dergähine, Iman bilen bara bilsem. Razy salym,şol kenarda, Ýüzme rahat duruber sen. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
