16:31 Ýeñiş güni | |
![]() Ýeñiş güni, enem düşýär ýadyma, Söwer ýara gözün dikip garaşan. Juwan wagty urşa ýollap ýaryny, Ýola bakan, gözlerine garasañ. Görersiñ gözünde öçmän, alawlan, Hakyky söýgüniñ öçmejek odun. Ýigitlikde aldyrsa-da, ýaryny, Garaşýar, gaýtalap ýarynyñ adyn. Ýyllar gül ýüzüne, salypdyr gasyn, Saçlaryna sepeläpdir, ak gary. Enem bolsa,ýola dikip gözlerin, Garaşýar, bir ýerden çykjak deý ýary. Saklap ýar yzynda, öýün-ojagyn, Hem bäbekkä, ýalñyz galan dikraryn. Wepalylyk nusgasyna öwrülen, Enem señ öñüñde, başym egýärin. Juda gymmat düşen ýeñiş günüñi, Desse güller bilen gutlaýyn menem. Geljek nesillere, nusgalyk galan, Enem, bu ýeñişde, haklysyñ senem... | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |