03:09 Ýörejek ýodasyny ýitirene ýol bolsam |
ÝÖREJEK ÝODASYNY ÝITIRENE ÝOL BOLSAM Kalbymyñ çuñlugynda, Dert köwlenýä buraw deý. Derdim dünýäñ ýüregne, Buz çöküpdir gyraw deý. Ýagşylardan has öñde, Ýol alypdyr haýýarlar. Bu jahanda sahabat, Azalypdyr haýyr hem. Ýagşylygyñ ýoluny, Açyp bilsem gyrdap men. Ejiz düşse gol berip, Çekip alsam girdapdan. Ýörejek ýodasyny, Ýirirene ýol bolsam. Buz çöken köñüllere, Mähir çaýjak gül bolsam. Belki derman bolardy, Kalbymdaky azara. Şonda Hakyñ nuruna, Barýan ýol hem uzar-a!? Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 599 |
Добавил: Gumlygelin
| Теги:
| Рейтинг: 4.7/3 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 4 | |
|
2
2
Okyýjy
(02.06.2019 11:53)
Şu gelniň döredijiligini beter gawy görýän. Ajaýyp goşgy bolupdyr.
|
2
Ine,Gyzylgul uyamyzdan yene bir gowy goshgy.Hawa,liriki gahryman turuwbashdankalbynda mesgen eylan,koñlunde gemre baglan, yuregini gaplap alan, ruhy duygynyñ syzgysy bolan dert-derdeser barada ahmyrly gurruñ beryar.Yagny, ,,kalbymyñ cuñlugynda dert kowlenyar buraw dek,derdim dunyañ yuregne,buz cokupdir gyraw dek,,diyyar.
|
|
|
|