|
ÝUWUP BERIÑ! Ýuwup beriñ ýüregimiñ, Syrkyp ahli jerhedini. Müñkürligiñ hem gumanyñ, Yykyñ elhenç serhedini. Ýogsam, Erkinlik ýok gursagyma, Gemre baglan garalykdan. Oñ içinde orun tapman, Jyklap dur-la ýagşylygam, Han-ha,uzak aralykdan. Şeýdip,sygman öz içimiñ içine, Özümiñ däl,ozgeleriñ besseläp, "Men"-atly menimi kowup çykaryp, Goýup giden garalarny desseläp, Geliñ görüñ! Soñra bolsa öñküsi deý, Yuwup beriñ! Ynam goýman yagşylara, Söyenleri gorkup söýmän, Gursagymda çapyp ýören, Müñkürligi gijä goýman, Kowup beriñ! Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 501 |
Добавил: Gumlygelin
| Теги:
| Рейтинг: 5.0/2 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 6 | |
|

0
"Ynsap"atly atymyñ jylawuny berk tutup özüm kowmasam,kowup berjegem ,ýuwup berjegem ýok bolaýmasa-D
|

0
Wah, gowy goşgy bolupdyr, setirler hemmämize-de degişli...
|

0
Ynsaba ýene özûñden başganyñ el yetirip bilmeýänligi gowudyr. Ony hapalayanam, yuwyanam yene özümiz.
|

0
Başgalar yuwjak bolsa, ynsabyñ arzysy bolmazdy.
|

0
Galamyň ujy ýiti bolsun Mähriban gelneje.
|

0
Ylhamy galamyna siňen, uýam, galamyň kütelmesin!
|
|
|
|