19:29 Aňmadylar... | |
Dürlere gatyşmadyk, Bir dänejik dürdügimi, Zergäre sataşmadyk, Bir zerrejik zerdigimi, Pikir etmän, Añşyrman, Biri maña "Dana" diýdi, Biri: "Bolşuñ näme?" diýdi, Kimse meni adyl saýdy, Kimse bolsa duşman saýyp, Diýdi: "Dardan asylsady". Herkim baha berdi, Göwnüne görä. Hiç kim tanamady, Göwnüme görä. Meniñ bolsa, Asmakçy bolýanyñam, Garynja deý üstümden, Basmakçy bolýanyñam, Üstüne saýa bolup, Ganatymy gerdigimi, Ýörejek ýodasynda, Tüm gijede nurdugymy, Añmadylar... Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
