16:49 Yşarat däl, aýan eýle | |
Bu dünýä bir kerwensaraý, Goş ýazdyryp, düşledigim. Bäş günlik däl, baky saýyp, Munda göwün hoşladygym. Imrinip gezdigim dünýäñ, Gözelligi ne, ajaýyp, Iman däl-de, pul gözledim, Munda has zerurym saýyp. Çapdyryp hyýal atymy, Çapdym, çar ýana galgadym. Şunça ýyl döwran sürsemem, Neçüýn gelenim añmadym. Geldigim syr, gitdigim syr, Bu dünýäme, düşelgäme. Oýan, oýlan, pikir eýle, Ynsanlygyñ syry näme. Diýip, kakyp gursagyna, Diñ salyp, diñşirgäp duran. Naçaryña yşaratmy, Ylahy düýşleri gören. Yşarat däl, aýan eýle, Dünýe syryn çözläýin men. Eý Biribar, ýodalardan, Öz ýolumy gözläýin men. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
